Imposter Syndrome: näme we nädip göreşmeli?
Bu gün men size imposter syndrome barada gürrüň beresim geldi.
Imposter syndrome, bu ýagdaýda adam öz üstünliklerine garamazdan özüni şol ýerde bolmaga laýyk däl ýaly duýýar. Meselem içiňden käwagt pikir edýäň:
“Men aslynda gaty güýçli däl, bir gün menden ýazan kodlarymy barlap soraga tutsalar hemmeler muny bilip galar”.
Bu ýagdaý esasan täze işe giren wagtyňyzda ýa-da güýçli programmistleriň arasynda işlän wagtyňyzda bolýar.
Bir mysal
Göz öňüne getir: siz täze bir kompaniýa işe girdiňiz.
Toparyňdaky programmistlerim käbiri uly proýektlerde işläpdir, open source proýektlere goşant goşupdyr, algoritmleri gowy bilýärler. Siz bolsa özüňiz barada pikir edýärsiňiz:
“Men diňe CRUD application ýazyp bilýän. Olar menden gaty güýçli men olaryň arasynda ejizi”
Emma şol bir wagtyň özünde siz hem olar bilen bir ýerde işleýärsiňiz, bir proýektde kod ýazýarsyňyz we ýolbaşçylar sizden razy.
Şeýle ýagdaýda köp adamda imposter syndrome peýda bolýar.
Näme üçin programmistlerde köp bolýar?
IT pudagynda imposter syndrome aýratyn giň ýaýran.
Sebäpleri birnäçe bolup biler:
- IT-de öwrenmeli zatlar gaty köp
- Hemişe senden güýçli developer bolýar
- Internetde adamlar diňe üstünliklerini görkezýärler
- Adam özüni başgalar bilen deňeşdirip başlaýar
- Belki koduňyzy AI tool-lara ýazdyranyňyzdan soň özüňiz hiç zat bilmeýän ýaly duýýaňyz
Şeýle ýagdaýda adamda: “Men hiç zady doly bilemok” diýen pikir döräp biler.
Bu ýagdaý hakykatdanam erbetmi?
Aslynda imposter syndrome elmydama erbet zat däl.
Käwagt bu siziň öwrenmäge we ösmäge bolan islegiňizi görkezýär.
Eger adam hiç wagt özünden şübhelenmeýän bolsa, ol köplenç ösüşini hem saklaýar.
Imposter syndrome bilen nähili göreşmeli?
1. Özüňizi başgalar bilen deňeşdirmäň
Her programmist öz ýolundan ösýär. Kimdir biri 10 ýyl bäri kod ýazýar, başga biri bolsa 2 ýyl bäri öwrenýär.
Şol sebäpli özüňizi başga biriniň häzirki derejesi bilen deňeşdirmek dogry däl.
2. Diňeje özüňizi öňki özüňize deňäň
Bir ýyl öň näme bilýärdiňiz?
Belki siz öň:
- Git ulanmagy hem gowy bilmändiňiz
- REST API ýazmagy täze öwrenýärdiňiz
Emma häzirki wagtda siz has köp zat başarýarsyňyz.
Adam köplenç öz ösüşini duýman galýar.
3. Hemme zady doly biljek bolup aladalanmaň
IT ugry gaty uly welin hemme zady bilýän programmist diýen zat ýok.
Hatda iň tejribeli programmistler hem köplenç dokumentasiýa seredýärler, ChatGPT, Claude ýaly AI gurallary ulanýarlar ýa-da başgalardan sorap bilýärler.
4. Soramakdan gorkmaň
Käbir developerler soramakdan utanýarlar. Sebäbi olar özlerini gowşak görkezmekden gorkýarlar. Emma hakykatda soramak, öwrenmegiň iň çalt ýoludyr.
Netije
Imposter syndrome diňe siziň başyňyzdan geçýän zat däl.
Dünýäde müňlerçe programmistleriň karýerasynda iň bolmanda bir gezek şeýle duýgyny başdan geçirýärler eýsem diňe programmistler däl başga kärde işleýänlerde hem bolýan zatmyka diýän.
Şonuň üçin eger siz käwagt özüňizi:
“Men bu ýerde bolmaga laýyk däl ýaly” diýip duýýan bolsaňyz,
onda biliň: bu diňe siziň ösüş ýolunyňyzyň bir bölegi.