Back to Blog

Türkmenistanda GitHub Student Developer Pack Almagyň Ýoly: Şahsy Tejribäm

🎓 Talyplar üçin "Altyn Sowgat": GitHub Student Developer Pack

Salam dostlar! 👋

Şu gün men size programmist talyplar üçin iň uly mümkinçilikleriň biri bolan GitHub Student Developer Pack barada gürrüň beresim gelýär.

Göz öňüne getiriň: Professional developerleriň aýyna ýüzlerçe dollar töleýän gurallaryny siz mugt ulanýarsyňyz. Bu gaty gowy eşidilýär, ýöne Türkmenistanda tassyklatmak käte biraz sabyr we dogry ädimleri talap edýär. Men özüm 3 gezek synanyşyp, ahyrynda 2 ýyllyk möhlet almagy başardym! 🚀

🎁 Bu paketiň içinde nämeler bar?

GitHub talyplara diňe bir "tassyknama" däl, eýsem dünýäniň iň güýçli gurallaryny sowgat berýär:

GuralNäme üçin gerek?Bahasy (Siz üçin mugt!)
GitHub CopilotAI kömekçisi (Claude bar!)~$100/ýyl
JetBrains UltimateIntelliJ IDEA, WebStorm (Full sürüm)~$250/ýyl
Canva ProDizaýn we prezentasiýalar üçin~$120/ýyl
Namecheap1 sany mugt domen we SSL~$15/ýyl
Azure/DigitalOceanCloud serverler üçin mugt kreditler$100 - $200

🛠 Tassyklatmak üçin ädimme-ädim gollanma

Meniň geçen ýolumdan we ýalňyşlarymdan öwrenen iň möhüm ädimlerim:

⚠️ Başlamazdan öň: 2FA hökman!

Arza tabşyrmazdan öň, GitHub akkauntyňyzda 2FA (Two-Factor Authentication) işjeňleşdirilen bolmaly. Bu gaty möhüm, sebäbi 2FA ýok bolsa, sistemanyň özi sizi indiki ädimlere goýbermez. Ony şu ýerden sazlap bilersiňiz.

1. Profil Sazlamalary

Ilki bilen GitHub Profil bölümiňize girip, adyňyzy, familiýaňyzy we kakaňyzyň adyny (otçestwa) talyplar şahadatnamasynda (Student ID) nähili bolsa, edil şonuň bilen birme-bir ýazyň.

GitHub Profile

2. Billing Maglumatlary

Indiki ädim — Payment Information bölümine girip, billing adresini doldurmak. Bu ýerde "Payment" diýen ýazgydan gorkmaň, bizden pul almaýarlar, diňe biziň nirede ýaşaýandygymyzy anyklaýarlar.

GitHub Billing Profile

💡 PRO MASLAHAT: Profil we Billing maglumatlaryny dolduryp "Save" düwmesine basanyňyzdan soň, GitHub akkauntyňyzdan "Sign Out" bolup, täzeden giriň. Bu siziň täze maglumatlaryňyzyň sistemada doly täzelenmegini (refresh) üpjün eder we tassyklama ähtimallygyny artdyrar.

3. Arza Tabşyrmak (The Application)

Ähli zat taýýar bolsa, GitHub Education Benefits sahypasyna girip, "Start an application" düwmesine basyň.

GitHub Education Benefits Button

Soňra bolsa sizde şu modal açylar:

Application Modal

  • Select your role in education: Student.
  • What is the name of your school: International University for the Humanities and Development.
  • What is your school email address: Şahsy email saýlaň.
  • Share Location: Enjamyňyzda GPS açyň we hiç hili VPN ulanmaň, bolmasa adresiňizi dogry alyp bilmez!

4. Okuw jaýyňyz tapylmadyk bolsa (Alternatiwa)

Eger sistemada okuw jaýyňyz tapylmasa, täze modal açylar. Ony şeýle doldurmagy maslahat berýärin:

  • Email soraýan ýerini boş goýuň (eger sizde .edu email ýok bolsa).
  • University/College saýlaň.
  • Talyplaryň sanyny takmynan 2000 - 5000 aralygynda saýlaň.
  • Uniwersitetiň anyk adresini kartadan görüp giriziň.

5. Soňky ädim: Student ID (Şahadatnama) Suraty

"Select" düwmesine basyp, Student ID-ni saýlaň.

Submit Modal

Suratyňyz gaty dury bolmaly. Kameraňyzyň fokusynyň möhüriň we adyňyzyň üstünde bolandygyna göz ýetiriň. Meselem men printerda skan edip aldym.


🧗 Meniň şahsy tejribäm: 3 gezek synanyşyk

Meniň ýolum hem aňsat bolmady:

  1. 1-nji synanyşyk: Billing maglumatlaryny doldurmadym we "Share Location" düwmesine basanymda ýalňyş ýeri aldy. Ret edildi.
  2. 2-nji synanyşyk: Profilimde diňe adymy we familiýamy ýazypdym, kakam adyny (otçestwa) hem ýazmagymy soradylar. Ret edildi.
  3. 3-nji synanyşyk: Adymy düzetdim, maglumatlary ýatda saklap akkauntdan çykyp-girdim we hemmesi şowly boldy. Netije: 2 ýyllyk tassyknama!

GitHub Confirmation Email

🎉 Tassyklanandan soňky ilkinji "Action Plan"

Hat gelen badyna şu iki zady hökman ediň:

1. JetBrains Ultimate-e geçiň

JetBrains Student sahypasyna giriň we "Apply with GitHub" diýiň. Indi IntelliJ IDEA-da professional Database we Spring gurallary açylar.

💡 Netije

Imposter Syndrome barada ýazanymda aýdyşym ýaly, käwagt "Men muňa laýykmy?" diýip pikir edýäris. Emma GitHub ýaly uly kompaniýalar bize ýol açýar. Biz talyplara diňe şu mümkinçilikleri maksimum ulanyp, özümizi ösdürmek galýar.

IUHD talyby hökmünde aýtsam — bu mümkinçiligi elden gidirmäň! Eger soragyňyz bolsa, Telegram arkaly arkaýyn habarlaşyp bilersiňiz.

Biz bile öseris! 🚀